Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda könelişen ýaşaýyş jaýlarynyň ýerine täze ýaşaýyş jaý toplumlary gurlar

22:2020.01.2015
0
11656

Aşgabat, 20-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Aşgabatda türkmen paýtagtyny ösdürmegiň iş meýilnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. 2014-nji ýylyň dowamynda Aşgabat şäherinde ýaşaýyş-durmuş, önümçilik, medeni-dynç alyş, jemgyýetçilik hem-de il-ýurt bähbitli beýleki desgalaryň 65-si ulanmaga tabşyryldy. Şunda paýtagtymyzyň ýaşaýyş jaý gaznasy 2 müňden gowrak öýleriň hasabyna artdy.

Häzirki wagtda paýtagtyň şähergurluşyk syýasatynda ýaşaýyş jaýlaryny gurmak wajyp ähmiýete eýedir. Parahat — 7 ýaşaýyş toplumynda dokuz gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 60-sy gurlar. 26-njy dekabrda bolsa paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky 14-nji tapgyrynyň durmuşa geçirilmegine badalga berildi. Onuň çäklerinde 1320 hojalyga niýetlenen 12 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 23-sini gurmak meýilleşdirilýär.

Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan 2015-nji ýyl üçin iş meýilnamasy taýýarlanylýar. Şonuň ýaly-da, milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň gurluşyk toplumy bilen birlikde,  paýtagtymyzy ösdürmegiň 2015-2016-njy ýyllar üçin Konsepsiýasyny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Şol Konsepsiýa tarapyndan awtomobil ýol ulgamyny, binagärlik-gurluşyk we abadançylyk işleriniň tapgyrlaryny, häzirki zamanyň talaplaryna laýyk şäher hojalygynyň tutuş düzümini döwrebaplaşdyrmagyň esasy ugurlary kesgitlener. Şu babatda paýtagtymyzyň 2017-nji ýylda V Aziýa oýunlaryny geçirmäge doly derejede taýýar bolmagy ileri tutulýan wezipeleriň biri bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň