Soňky habarlar

Arhiw

Ýangyç-energetika toplumynyň ösdürilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagyna, halkyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam eder

00:4120.01.2015
0
2868

Aşgabat, 20-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

2015-nji ýylda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda suwuklandyrylan gazdan ýokary oktan goşundysyny almak üçin hem-de A-95 we A-98 görnüşli awtomobil benzinlerini öndürmek üçin niýetlenen iki desganyň gurluşygy tamamlamak bellenildi. Mundan başga-da, häzir asfalt mazudyny öndürýän toplumy, polipropilen plýonkasyny öndürýän zawody öz içine alýan döwrebap toplum bina edilýär.

Geçen ýyl bitum öndürýän desgada düýpli abatlaýyş işleri geçirildi. Bu çäreler gara ýollaryň gurluşygynda zerur bolan önümiň möçberini iki esse artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Taslamalaryň birnäçesi Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde amala aşyrylýar. Şunuň bilen birlikde, TNGIZT-de täze döwrebap desgalaryň birnäçesini, şol sanda ýol we gurluşyk bitumyny, şeýle hem “Ýewro-5” halkara hil ölçeglerine laýyk gelýän dizel ýangyjyny öndürýän döwrebap desgalary we beýlekileri gurmagyň taslamalary işlenip düzülýär. Sintetik binýatlyk tehniki ýaglaryň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça anyk çäreler bellenildi.

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmaga, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberini artdyrmaga we ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam etmäge gönükdirilendir.

Şol wezipeleriň hatarynda täze ýataklary özleşdirmegiň, energiýa serişdeleriniň iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň hasabyna uglewodorod ýangyjynyň çykarylýan möçberini artdyrmak, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak, täze nebit we gazhimiýa önümçiliklerini gurmak wezipeleri durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň