Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň ilçihanasy Türkmenistandan nobatdaky ýörite howa gatnawyny mälim etdi

13:3522.11.2021
0
17832

Türkmenistandan Russiýa nobatdaky ýörite howa gatnawy anna güni Türkmenabat bilen Moskwa şäheri aralygynda guralar. Bu gatnaw rus ilçihanasy tarapyndan koronawirus pandemiýasynyň ýüze çykmagy zerarly Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda yzygiderli gatnawlaryň togtadylmagy bilen baglanyşykly guraldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasy habar berýär.

“26-njy noýabrda Türkmenabat — Moskwa ugry boýunça amala aşyryljak uçuş üçin biletler 23-nji noýabrda sagat 10:00-da “S7” howaýollarynyň kassasynda satylyp başlanar” – diýip, ilçihananyň beýanatyndan aýdylýar.

Bu uçuş iki ýurduň arasynda 28-nji ýörite uçuş bolup, 2021-nji ýylyň noýabr aýy boýunça üçünji bolar.

Orta hasap bilen Russiýanyň ilçihanasy Türkmenistandan Moskwa şäherine aýda iki gezek ýörite howa gatnawyny guraýar. Bu hili uçuş soňky gezek 19-njy noýabrda bolupdy. Degişli uçuşdan Russiýanyň uniwersitetlerinde okaýan türkmen talyplary bilen 199 ýolagçy peýdalandy.

Şeýle hem Russiýa Federasiýasyna girmäge mümkinçilikleri bolan rus we daşary ýurt raýatlary Stambul — Aşgabat — Stambul uçuş gatnawyndan peýdalanyp bilerler. “Turkish Airlines” awiakompaniýasynyň uçuşy bolsa 29-njy noýabra meýilleşdirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň