ABŞ-daky “Disneýlendlerde” garaýagyz Santa-Klauslar peýda boldy

11:0022.11.2021
0
3089

Amerikanyň Disneýlend seýilgählerinde 66 ýylyň içinde ilkinji gezek öňde duran Roždestwony baýram etmek üçin garaýagyz Aýaz baba, ýagny Santa-Klaus peýda boldy. Bu barada CNN habarlar gullugy habar berdi.

Walt Disney kompaniýasynyň wekili habarçylara Santa-Klauslaryň Disneýlend we Walt Disney World Resort seýilgählerindäki jemgyýetçiligiň dürlüligini görkezmek maksady bilen akýagyz hem-de garaýagyz keşplerde görkezilýändigini gürrüň berdi.

Şunlukda gara tenli Aýazbabalar Kaliforniýadaky Anahaým şäheriniň Disneýlendinde we Florida ştatynyň Leýk-Buena-Wista şäherindäki Walt Disney World Resort seýilgähinde çagalarydyr olaryň ene-atalaryny ýetip gelýän Roždestwo bilen mübärekleýärler.

Ýeri gelende aýtsak, golaýda ABŞ-da “Anna Boleýn” atly täze teleserialyň treýleri çykdy, onda Angliýanyň şa aýalynyň keşbini garaýagyz aktrisa ýerine ýetirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň