Soňky habarlar

Arhiw

Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndysy mälim boldy

15:2119.11.2021
0
12925

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy 7 ― 17-nji dekabr aralygynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşar.

Ýurdumyzyň Agyr atletika boýunça milli federasiýasy dünýä çempionatyna gatnaşjak milli ýygyndymyzyň gutarnykly sanawyny yglan etdi. Çempionata biziň ýurdumyzdan 11 agyr atletikaçy gatnaşar. Olaryň 6-sy erkekler, 5-si zenan türgenlerdir.

Milli federasiýa tarapyndan berlen maglumatlara salgylanyp, Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşjak milli ýygyndymyzyň sanawyny okyjylarymyz bilen hem paýlaşýarys:

T/b

Ady familiýasy

Türgen/tälimçi

Agram derejesi

Okaýan ýa-da işleýän ýeri

1

Mirzaýew Seýitjan

Türgen

61 kg

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby

2

Meredow Maksat

Türgen

73 kg

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby

3

Rejepow Rejepbaý

Türgen

81 kg

Aşgabat şäheriniň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 3-nji sport mekdebiniň tälimçisi

4

Şöhradow Şatlyk

Türgen

81 kg

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby

5

Annaberdiýew Rüstem

Türgen

89 kg

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby

6

Toýçyýew Hojamuhammet

Türgen

+109 kg

Mary welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Mary şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň agyr atletika boýunça tälimçisi

7

Jumabaýewa Ýulduz

Türgen

49 kg

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi

8

Toýçyýewa Aýsoltan

Türgen

81 kg

Mary welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Mary şäheriniň 5-nji sport mekdebiniň agyr atletika boýunça tälimçisi

9

Berdiýewa Bägül

Türgen

49 kg

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby

10

Kadyrowa Gülnabat

Türgen

71 kg

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Agyr atletika sport mekdebiniň tälimçisi

11

Gurýewa Polina

Türgen

59 kg

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby

12

Rejepow Mansur

Tälimçi

Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň tälimçisi

13

Sähetmyradow Meretguly

Tälimçi

Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň tälimçisi

14

Handurdyýew Osmanguly

Topar ýolbaşçysy

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň