Soňky habarlar

Arhiw

“Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasy

08:5719.01.2015
0
3362

Aşgabat, 19-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Türkmenistanda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edileni mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görülýär. Degişli ministrlikleriň we edaralaryň, Bütindünýä Saglyk guramasynyň we beýleki halkara guramalarynyň gatnaşmagyndaky çäreleriň meýilnamasy işlenip düzüldi.

Iýun aýynda däbe öwrülen “Saglyk — 2015” atly Halkara sergisini we maslahatyny geçirmek bellenildi. Şeýle hem ýylyň dowamynda Türkmenistanyň saglygy goraýşynda we derman senagatynda gazanylan üstünliklerden söhbet açýan sergileri daşary ýurtlarda hem guramak meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň