Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmäge bagyşlanan halkara onlaýn maslahaty geçirildi

19:3718.11.2021
0
9025
Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmäge bagyşlanan halkara onlaýn maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde guramagynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara onlaýn maslahaty geçirildi. Bu barada «Watan» gazetinde habar berilýär.

Onlaýn görnüşinde geçirilen halkara maslahat Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mejlisler zalynda, iňlis dilinde geçirilip, oňa Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň, Ýaponiýanyň «Eighty Days» kärhanasynyň, Kanada döwletiniň «Eldertreks» kärhanasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň «Ak Sai» kärhanasynyň, Özbegistan Respublikasynyň «Eurasiatravel» kärhanasynyň we beýleki birnäçe döwletleriň kärhanalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda 2021-nji ýylda syýahatçylygy ösdürmekde telekeçiligiň, bilimiň we innowasiýalaryň orny hem-de Türkmenistanda taryhy, medeni we ekologiýa syýahatçylygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň