Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly harby talyplar «Paraşýut okuw simulýatory» taslamasyny taýýarladylar

12:3818.11.2021
0
1397

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň harby talyplary «Paraşýut okuw simulýatory» taslamasyny taýýarladylar. Bu barada «Esger» gazetinde habar berilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» tassyklanyldy. Kabul edilen bu konsepsiýa laýyklykda, harby talyplar özleriniň taýýarlan taslama işleri bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň guramagynda geçirilen «Sanly çözgüt — 2021» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigine gatnaşyp baýrakly 3-nji orna mynasyp bolmagy başardylar.

«Paraşýut okuw simulýatory» harby gullukçylara okuw türgenleşiklerde, dürli beýiklikdäki uçuşlarda goşly we goşsuz, ýekelikde ýa-da köpçülikleýin böküşleri ýerine ýetirmek üçin başlangyç tälimleri bermäge niýetlenendir. Bu enjam ýokary harby okuw mekdebiniň harby talyplaryna okuw sapaklary döwründe dikuçardan çykmagy, howadaky käbir aýratyn ýagdaýlar boýunça türgenleşmegi we ýere howpsuz düşmegi öwrenmäge ýardam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň