Soňky habarlar

Arhiw

Ahmet Agamyradow: “Indiki duşuşykda hökman ýeňiş gazanmaly”

15:3118.01.2015
0
3625

Sankt-Peterburg, 18-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Arkalaşygyň Kubogy — 2015-de Finlýandiýanyň topary bilen gazanylan deňlikden soň (1:1) Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň baş tälimçisi begenjini gizläp durmady.

—Men oglanlardan hoşal. Olara şu oýun üçin sagbolsun aýdasym gelýär — diýip ol duşuşykdan soňky metbugat maslahatynda aýtdy. — Dogry, biz heniz köp işlemeli, oýny güýçlendirmeli. Haýal oýnadyk, aram-aram töwekgellik etmedik, ýöne oglanlarda oýny güýçlendirmäge mümkinçilik bar.

— Türgenleriň köpüsi yrymçyl bolýarlar. Siz nähili?

— Belki siz mamlasyňyz. Türgenler yrymçyl bolýarlar. Ýöne bu maňa degişli dal...

—Diýjek bolýan zadym, şu gün siz şertli ýagdaýda myhman topar boldyňyz, ýöne nämüçindir “ýer eýesiniň eşiginde çykyş etdiňiz”.

—Hawa (ýylgyrýar), bularyň hemmesi meniň oýunçylarym. Olar ýaşyl reňkdäki “ýer eýesiniň” eşiginde çykyş etmegi halaýarlar. Oglanlaryň birinji duşuşyga hem şu eşikde çykaslary gelipdi.

—Siz ýaryşda Belarusyň we Finlýandiýanyň ýygyndylary bilen duşuşdyňyz. Bu toparlary deňeşdiräýseňiz.

—Men toparçamyzyň güýji barada öň belläp geçipdim, garşydaşlarymyzyň üçüsi-de UEFA-nyň zolagynyň toparlary. Elbetde, men futbol hünärmeni hökmünde ähli ýygyndylaryň oýunlaryny yzarlaýaryn. Bir zady aýratyn belläsim gelýär. Milli ýygyndy toparlaryň ählisiniň güýji deňleşip barýar. Belarusyň topary barada aýtsam, bu düýbinden başgaça mekdep, futbola başgaça garaýyş, bu görnüp dur. Olar beden taýdan berkligi bilen tapawutlanýar. Finler birneme başgaçarak: Gollandiýanyň futbol ýörelgesine eýerýärler, tehniki taýdan has tapawutly. Ýöne Belaruslaryň tehnikasy hem ýakymly täsir galdyrýar.

—Oýnuň tamamlanmagyna 10 minut galanda siziň derwezeçiňiz şikes aldy, şonda ol özüni çalyşmagy haýyş eden ýaly göründi...

—Siz mamla, bu hakykatdanam şeýle boldy. Ýöne soňra ol duşuşygy dowam etdirjekdigini mälim etdi.

—Bu duşuşykda siz ýene bir oýunçyny ýitirdiňiz, ol gyzyl peket alandygy sebäpli indiki oýny sypdyrmaly bolar. Bu size kynçylyk döredermi?

—Çylşyrymly ýagdaý. Toparçadan çykmak wezipesini ýerine ýetirmek üçin bize Estoniýanyň ýygyndysynyň garşysyna geçirjek duşuşygymyzda hökmany suratda ýeňiş gazanmak gerek. Şonuň üçinem, islendik oýunçy ýitgisi — biziň üçin kynçylyk. Biz bu ýere ýaşlar düzümi bilen geldik. Ätiýaçdaky oýunçylarymyz bolsa olardanam kiçi ýaşly oglanlar. Munuň üstesine, esasy düzümiň ýene bir goragçysy kiçiräk şikes aldy. Diýmek, bizde birneme kynçylyklar bar.

—Siz — diýseň ýaş tälimçi. Oýunçylar bilen aragatnaşyk meselesinde nähili?

—Dogrudan-da, men olardan bolubilsem 15 ýaş töweregi uludyryn. Şonuň üçinem olar meni dost, aga hökmünde kabul edýärler. Meniň özümem olara dostlarym ýaly garaýaryn. Şol bir wagtda bizde tertip düzgün we oýunçylar bilen gatnaşyk meselesinde hiç hili düşünişmezlik  ýüze çykanok.

Finlýandiýanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Tommi Kautoneniň duşuşykdan soňky teswirlemesi:

—Men häzir uly geňirgenmäni başdan geçirýärin, biz birinji ýarymda örän ýaramaz oýnadyk. Muňa garamazdan, bize oýnuň gidişine üýtgetme girizmek başartdy. Bu arakesmede oýunçylar bilen geçirilen işiň we oýunçy çalşygynyň netijesinde mümkin boldy...

—Geçen oýnuň esasy gahrymanlarynyň biri Hattakani esasy düzümde görmedik. Geň ýeri, siz ony duşuşyk tamamlanyp barýarka oýna goýberdiňiz. Sebäbini düşündiräýseňiz?

—Ol düýnki duşuşygy dolulygyna oýnady. Men oňa az-kem dynç bermelidim. Meniň esasy wezipäm oýunçylaryň güýjüni tutuş ýaryşa ýeter ýaly ulanmaly. Biziň ygtyýarymyzda 22 futbolçy bar. Olaryň ählisine özüni görkezmek üçin mümkinçilik beresim gelýär.

—Näme üçin siziň ýanyňyzda Ýari Litmanen görünmedi?

—Ol oýunda bardy, duşuşyga biziň futbol birleşigimiziň ýolbaşçysy bilen tomaşa etdi.                 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň