Şu gün «Sanly innowasiýalar» bäsleşiginiň ýeňijileri belli bolar

11:1018.11.2021
0
1757

17-18-nji noýabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Bilim ministrliginiň guramagynda «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetinde ýaşlaryň arasynda programma üpjünçiligi boýunça «Sanly innowasiýalar» bäsleşigi geçirilýär. Ýetip gelýän şanly sene — Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guralýan bäsleşige mekdep okuwçylary, talyplardyr ýaş alymlar, hünärmenler işjeň gatnaşýarlar. Olar bäsleşigiň innowasion şäher, sanly bilim, söwda we hyzmatlar ulgamy boýunça IT-taslamalar, ýörite ugur, maglumat howpsuzlygy we kiberhowpsuzlyk ugurlary boýunça programma üpjünçiliklerini, taslamalaryny hödürleýärler. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

«Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde guralýan bäsleşikde hödürlenen işleriň derwaýyslygyna, pikir özboluşlylygyna, tehnologik çözgüdine, programmirlemegiň işlenip düzülen diline, interfeýsiniň kämilligine, innowasion täzeçilligine we beýleki aýratynlyklaryna baha berilýär. Gatnaşyjylar onuň ugurlaryna laýyklykda, geljegi uly taslamalar, gyzyklanma döredýän programma üpjünçilikleri bilen öz aralarynda bäsleşýärler. Ýurdumyzyň welaýatlaryndaky ýokary okuw mekdeplerinden bäsleşige gatnaşyjylar taslamalary bilen wideoaragatnaşyk arkaly tanyşdyrýarlar.

Ýeri gelende bellesek, «Sanly innowasiýalar» bäsleşigi şu ýylyň 13 — 15-nji aprelinde ilkinji gezek geçirilipdi. Indi ikinji gezek guralýan bäsleşigiň netijelerini milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna sanly ulgamlary ornaşdyrmakda, giň gerimli gurluşyk taslamalarynda ulanmak, bu ugurda ýaşlary täze gözleglere höweslendirmek göz öňünde tutulýar. Şu maksat bilen, «Ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň sanly innowasiýalar ulgamynda taýýarlan taslamalarynyň ýygyndysy» ministrliklerdir pudak edaralaryna we hususyýetçilere ýaýradylýar. Şu gün — 18-nji noýabrda bäsleşigiň jemi jemlener hem-de ýeňijiler sylaglanar, olara guramaçylaryň diplomlary gowşurylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň