«Erich Krause» kompaniýasy täze kanselýariýa harytlarynyň satuwa geljekdigini habar berdi

19:0117.11.2021
0
4370

Türkmenistanda dünýä meşhur «Erich Krause» söwda haryt nyşany dürli görnüşli kagyz bukjalaryny (папки) öz içine alýan täze kanselýariýa önümleriniň satuwa gelýändigini habar berýär: baglaýjyly resmi kagyz bukjalary (папки-скоросшиватели), hat bukjalary (папки-конверты), bellik edilýän kagyzlary üçin niýetlenilen bukjalar (папки-регистраторы).

Şeýle hem çagalar üçin niýetlenilen kanselýariýa harytlarynyň – boýaglaryň, ruçkalaryň, galamlaryň we ş.m. önümleriň dürli görnüşleri satuwa geler.

«Erich Krause» söwda haryt nyşanly kanselýariýa önümlerini paýtagtymyz Aşgabadyň «Galam», «YOSM», «Kitap» internet dükanlaryndan, şeýle hem «Bagtyýarlyk» söwda merkezinden satyn alyp bolýar.

Dünýä meşhur «Erich Krause» kompaniýasy Türkmenistanyň çagalarynyň arasynda yglan eden «Täze ýyl çagalaryň gözi bilen» atly döredijilik bäsleşiginiň dowam edýändigini ýatladýar. Bu bäsleşik barada has giňişleýin maglumaty @erichkrause_tm instagram sahypasyna girip, alyp bilersiňiz.

Habarlaşmaklyk üçin telefon belgiler: +99361 982747; 754528.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň