Aşgabatdaky meşhur brendli egin-eşik dükanlary satyjy-maslahatçylary işe çagyrýar

15:5117.11.2021
0
5204

Ramsey, Koton Women, Mavi, Koton Kids, Colin`s we Altin Yildiz brendleriniň dükanlary satyjy-maslahatçy wezipesineş iş orunlaryny yglan edýär.

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar: ýaşy 20-den uly bolan zenanlar, söwda pudagynda iş tejribesi bolanlara artykmaçlyk berilýär.

Iş tertibi, çalşyk esasynda: 9.00-dan 16.00-a çenli we 15.00-dan 22.00-a çenli. Zähmet hakynyň möçberi we iş wagtynyň dowamlylygy söhbetdeşlik esasynda kesgitlenilýär.

Dükanlar «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň ikinji gatynda ýerleşýärler (Ramsey dükany söwda merkeziniň 1-nji gatynda ýerleşýär). Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99361 610693.

Altin Yildiz, Ramsey, Koton Women, Mavi, Koton Kids, Colin`s biratly meşhur türk eşik brendleriniň resmi diller dükanlary bolup durýarlar. Bu ýerde erkekler, zenanlar hem-de çagalar üçin egin-eşikleriň we aksessuarlaryň giň görnüşi hödürlenýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň