“Nesip etsin” internet dükany Täze ýylyň öňüsyrasynda alyjylaryň arasynda bäsleşik geçirýär

12:3017.11.2021
0
8660

“Nesip etsin” internet dükany Täze ýylyň öňüsyrasynda alyjylaryň arasynda bäsleşik yglan etdi. Onda dürli görnüşli baýraklar, aýratyn-da bäsleşigiň esasy ýeňijisine “iPhone 13 Pro” smartfony gowşurylar.

Bäsleşik 11-nji noýabrda başlady we 25-nji dekabrda tamamlanar. Oňa gatnaşmak üçin şu aşakdaky ýönekeý şertleri berjaý etmeli:

  • “Nesip etsin” internet dükanynyň “Erkek we aýal egin eşikleri”, “Çagalar üçin önümler” we “Esbaplar” ýaly haryt görnüşlerinden bir ykjam goşundynyň hasaby boýunça 500 manatlyk söwda etmeli;
  • Instagram sosial ulgamynda @nesipetsin hasabyna we onuň hyzmatdaşlaryna ýazylmaly;
  • “Nesip etsin” internet dükanyndan satyn alnan harydyň çegini surata düşürmeli we suraty #nesipetsinpodarki heştegi bilen Instagram sahypaňda ýerleşdirmeli;
  • dostlaryňyzy hem habarly etmeli.

Giňişleýin maglumatlar bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz.

“Nesip etsin” dükanynyň ykjam goşundysyny Google Play we App Store internet dükanlaryndan ýükläp bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň