Soňky habarlar

Arhiw

Ýer eýeleriniň ilkinji ýeňlişi

23:4017.01.2015
0
2241

Aşgabat, 17-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Şu gün Awstraliýada dowam edýän Aziýanyň Kubogy — 2015-de “A” toparçasynda soňky tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Iki oýun hem bir wagtda başlandy.

Öňdebaryjylaryň — Awstraliýanyň hem Koreýa Respublikasynyň ýygyndylarynyň duşuşygy aýratyn gyzyklanma döretdi. Muňa Brisbendäki stadiona 48 513 tomaşaçynyň ýygnanandygy hem güwä geçýän bolsa gerek. Ýöne ýer eýelerine janköýerleriň köplüginiň hem peýdasy degmedi. Duşuşygyň ykbalyny 33-nji minutda Koreýanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Li Çýan Hýupyň geçiren ýeke-täk pökgüsi çözdi. Netijede ýeňiş gazanan topar 9 utuk toplap, “A” toparçasynda öňdäki orny eýeledi, awstraliýalylar ikinji basgançakda galdylar.

Bu toparçanyň beýleki duşuşygynyň netijesi ýaryş tertibine hiç hili üýtgeşme girizenokdy. Çünki Omanyň we Kuweýtiň toparlary wagtyndan öň indiki tapgyra çykmak umydyndan el üzüpdiler. Şeýle-de bolsa omanlylar bäsleşik bilen ýeňişli hoşlaşdylar — 1:0. Pökgini 69-njy minutda Abdul Aziz Al-Makbali geçirdi. 18-nji ýanwarda Aziýanyň Kubogy — 2015-de Koreýanyň we Awstraliýanyň çärýek finaldaky ýygyndylarynyň garşydaşlary aýan ediler. Bu “B” toparçasynda Özbegistan — Saud Arabystany, Hytaý — KHDR duşuşyklaryndan soň belli bolar.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň