Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde metbugat-brifingi geçirildi

21:2216.11.2021
0
5671

Şu gün — 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna bolan saparynyň, şeýle-de onuň çäklerinde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Döwlet Baştutanlarynyň sekizinji mejlisine gatnaşmagynyň jemlerine hem-de şu ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Aşgabatda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) agza-döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitine görülýän taýýarlyklara bagyşlanyp brifing guraldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi web sahypasyna habar berilýär.

Nobatdaky metbugat-brifingine ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de Türkmenistanda işleýän daşary ýurtly žurnalistler gatnaşdylar. Azerbaýjandan, Awstriýadan, Belgiýadan, Beýik Britaniýadan, Hindistandan, Owganystandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Fransiýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Malaýziýadan, Pakistandan, Russiýadan, Rumyniýadan, Türkiýeden, Özbegistandan we Ukrainadan bolan daşary ýurtly KHBS wekilleri çärä göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdylar.

Gatnaşyjylar bilen mähirli salamlaşanyndan soňra, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Wepa Hajiýew biziň döwletimiziň sebit hem-de global ähmiýetli abraýly düzümleriň çäklerindäki halkara derejeli hereketleriniň hemmetaraplaýyn işjeňleşmegi nukdaýnazaryndan nobatdaky duşuşygyň derwaýys ähmiýetini nygtady.

Metbugat-brişingiň başynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Wepa Hajiýew şu ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna bolan iş saparynyň jemleriniň şu günki brifingiň esasy temalarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Türki geňeşiň Stambul şäherinde geçirilen 8-nji Sammitiniň Türkmenistanyň türki dilli döwletler bilen alyp barýan özara hereketlerinde täze tapgyry açandygy bellenildi. Çünki ýurtlaryň arasynda ykdysadyýet, söwda, maýa goýumlar, ekologiýa, ylym, bilim, şonuň ýaly-da beýleki geljegi uly ugurlarda bilelikdäki hereketleriň netijeli alnyp barylmagy üçin ähmiýetli mümkinçilikler bardyr.

Nobatdaky brifing medeni gymmatlyklaryň dünýä halklaryny özara jebisleşdirýändigine hem-de ýurtlaryň arasyndaky ynsanperwerlik gatnaşyklaryny pugtalandyrýandygyna aýdyň göz ýetirýän türki dilli jemgyýetçiligi özünde birleşdirýän möhüm sebitleýin düzüminiň – Türki geňeşiň işiniň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.
Brifingiň ikinji böleginde oňa gatnaşyjylar şu ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Aşgabatda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza-döwletleriniň Baştutanlarynyň 15-nji Sammitine görülýän taýýarlyklaryň barşy bilen tanyş boldular.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl YHG-da Başlyk ediji hem-de Guramanyň agza-döwletleriniň Ýolbaşçylarynyň Sammitini özünde kabul edýän ýurt hökmünde Türkmenistan taýýarlyk işlerini ýokary derejede alyp barýar.

Esasy çäreleriň hatarynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisiniň, şeýle-de YHG-na agza-ýurtlaryň işewürlik-forumynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Mazmuna baý çykyşlaryň dowamynda biziň döwletimiziň depginli, yzygiderli we innowasion häsiýete eýe bolan parahatçylyk söýüji daşary syýasatynyň onuň halkara abraýynyň batly gadamlar bilen ösmeginiň hem-de ýurdumyzyň sebit we ählumumy geosyýasatdaky ähmiýetiniň ýokarlanmagynyň esasyny düzýändigi bellenilip geçildi.

Şeýlelik bilen, Türkmenistanyň bu abraýly guramadaky başlyklygynyň jemleýji iri wakasy hökmünde 28-nji noýabrda – Guramanyň döredilen gününde geçiriljek YHG-nyň agza-ýurtlarynyň Liderleriniň duşuşygy meseleleriň giň toplumy boýunça pikirleriň alyşylmagy üçin oňyn meýdança bolar.

Brifingiň barşynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri diňe bir çykyş eden wekilleriň Türkmenistanyň soňky döwürdäki halkara durmuşy bilen bagly beýan eden derwaýys maglumatlaryny almak bilen birlikde, olara özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlenmäge hem mümkinçilik aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň