Türkmenistanda neşir edilýän gazetdir žurnallaryň elektron görnüşini ýükläp almak 2022-nji ýyldan başlap tölegli esasda amala aşyrylar

16:4315.11.2021
0
23637

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň resmi web sahypasynda maglumat berlişi ýaly, türkmenistanly okyjylar 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, hojalyk hasaplaşygyndaky redaksion birleşigine degişli bolan gazetdir žurnallary «metbugat.gov.tm» internet saýtynyň üsti bilen tölegli esasda ýükläp alarlar.

Ýadyňyzda bolsa, 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda Döwlet neşirýat gullugy özüniň ilkinji web saýtyny döredip, Türkmenistanyň döwlet gazetleriniň we žurnallarynyň soňky sanyny elektron görnüşde (PDF) ýükläp almak hyzmatyny ýola goýupdy.

Şu günki güne çenli okyjylar Türkmenistanda neşir edilýän gazetleriň 23-sini, žurnallaryň bolsa 7-sini «metbugat.gov.tm» internet saýtynyň üsti bilen tölegsiz ýükläp alýarlar.

«metbugat.gov.tm» internet saýtynyň üsti bilen okyjylar «Kitaplar» bölüminde ýerleşdirilen kitaplaryň elektron görnüşini bellenilen tölegler esasynda alyp bilerler. Şeýle-de okyjylar internet saýtynyň «Hyzmatlar» bölüminiň üsti bilen bolsa Döwlet neşirýat gullugyna degişli bolan çaphana hyzmatlaryny amala aşyrýan kärhanalar barada giňişleýin maglumat alyp bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň