Ikinji tapgyrda hususylaşdyrmaga degişli döwlet eýeçiligindäki kärhanalaryň sanawy hödürlendi

10:1417.01.2015
0
3109

Aşgabat, 17-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

16-njy ýanwarda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew “Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013—2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrynda geçirilen işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer bu maksatnama laýyklykda, birinji tapgyrda desgalaryň 45-siniň hususylaşdyrylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi. Olardan 18 desga hususylaşdyryldy, 23 desga bolsa satuwa çykaryldy. Desgalaryň üçüsiniň bahasyny kesgitlemek boýunça işler alnyp barylýar.

Şeýle hem geçen ýylda maldarçylyk we guşçulyk fermalarynyň 67-sine baha kesilendigi bellenildi. Olaryň hemmesi 2015-nji ýylda et-süýt önümlerini öndürmek boýunça esasy iş ugurlaryny hem-de fermalaryň işgär sanyny saklamak şerti bilen hususylaşdyryldy. Bu çäreler ýurdumyzyň bazarlaryny et we süýt önümleri bilen üpjün edilişiniň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer türkmen Lideriniň garamagyna “Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013—2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň ikinji tapgyrynda hususylaşdyrylmagy teklip edilen döwlet kärhanalarynyň we desgalarynyň sanawyny hödürläp, dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hususylaşdyrmaga degişli bolan kärhanalarynyň we desgalarynyň sanynyň jemi 37-digini habar berdi. Bu kärhanalaryň sanawyna Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň ýanyndaky Pudagara merkezi toparyň mejlisinde garaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň