Soňky habarlar

Arhiw

Bitkoiniň syrly döredijisiniň ady mälim bolar

11:4315.11.2021
0
5805

ABŞ-nyň Florida ştatynda geçirilen synag bitkoini dörediji Satoşi Nakamotonyň hakyky şahsyýetini açyp biler. Häzirki wagtda ştatda şeýle görnüşine görä, merhum Deýwid Kleýmanyň maşgalasynyň öňki iş hyzmatdaşy Kreýg Raýtyň bilelikdäki emläklerine gözegçilik etmek üçin kazyýet işini gozgaýan adaty kazyýet işi geçirilýär. Ferra.ru saýtynyň “The Wall Street Journal” gazetine salgylanyp belläp geçişi ýaly, bu ýerde 64 million dollara barabar bolan 1 million bitkoin baýlygy barada gürrüň gidýär diýlip aýdylýar.

Arza beriji tarap bu emläkleriň bitkoin dörediji Satoshi Nakamoto degişlidigini we şu at bilen onuň özüniň, şeýle-de işewür hyzmatdaşynyň gizlenendigi baradaky pikiri öňe sürýär. Awstraliýaly 51 ýaşly programmist Kreýg Raýt özüniň meşhur kriptowalýutany döredijidigini aýdýar. Ýöne Satoşi Nakamotonyň şahsyýetini anyk tassyklap biljek diňe bir jedelsiz subutnama bar. Ol hem million bitkoiniň saklanýan hasabyna gözegçilik edýän şahsy ýapyk bolan açardyr. Arzaçylar bu şertiň ýarysyny suda arkaly almak isleýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň