Soňky habarlar

Arhiw

“Miweli ülke” HK önümçiliginiň gerimini giňeldýär

09:1015.11.2021
0
4156

Türkmenistanyň gök-bakja we miwe önümlerini öndürýän, bu ugurda harytlaryny birnäçe ýurtlara eksport edýän “Miweli ülke” hususy kärhanasy önümçilik şertlerini, iş mümkinçiliklerini has-da giňeldýär. Kärhananyň önümleriniň sanynyň artdyrylmagy, şeýle-de ýurduň milli tejribesinde täze miweleriň ösdürilip ýetişdirilmegini ýola goýmak bilen baglylykda, täze taslamalaryň alnyp barylýanlygyny bellemek bolar.

Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen sergide kärhananyň hünärmeniniň “Türkmenportal” saýtynyň habarçysyna beren interwýusynda “Miweli ülke” hususy kärhanasynyň 600 gektar ýer böleginde “Kesel dörediji patogenlerden goralan ýeralmanyň ýokary arkaly tohumlarynyň öndürilişiniň tehnologiýasy” atly taslamany ýerine ýetirmegi meýilleşdirýändigi barada durlup geçildi. Hünärmeniň bellemegine görä, bu taslama geljekki 6 ýylyň dowamynda doly derejede amala aşyrylar. Kärhana täze taslamasyny miniklubenlerden başlap, supersuperelita, superelita, elita, reproduksiýa - 1, reproduksiýa – 2 arkaly taýýarlamagy maksat edinýär. Taýýarlanan ýokary arkaly tohumlar agrotehnikanyň ýokary derejeli tehnologiýalary bilen durmuşa geçiriler.

Hususy kärhananyň ýakyn geljek üçin nazarlaýan maksatlarynda ýokary tehnologiýalary ulanyp, damjalaýyn usulynda ýeralmanyň täze tohumyny suwarmak esasynda ösdürip ýetişdirmek göz öňüne tutulýar. Tohumlyk ýeralmany ösdürip ýetişdirmekde-de 80-90 % organiki dökünleri, ýagny biogumus ulanmak meýilleşdirilýär. Täze tehnologiýany ulanmagyň tapawutly aýratynlygy bolsa, häzirki şerte laýyklykda ýeralmanyň her gektardan alynýan 15 tonna hasylynyň mukdarynyň täze tehnologiýa usulynda 30-40 tonna çenli ýetýänligidir.

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanda oba hojalyk pudagynda gök-bakja we miwe önümlerini ösdürip ýetişdirmekde iş alyp barýan «Miweli ülke» hususy kärhanasy ýurduň içerki bazarlaryny azyk önümleri bilen üpjün etmek maksady bilen, 50 gektar ýerde ýerleşdirilen ýyladyşhanada sitrus ösümlikleriniň we bananyň hem bol hasylyny ýetişdirmek üçin gurluşyk gurnama işlerini depginli alyp barýar. Hususy kärhananyň işçileri täze taslamalary durmuşa geçirmegi maksat edinip, ýyladyşhanada ýetişdirilýän azyk önümleriniň möçberini artdyrmagy nazarda tutýarlar. Bu bolsa hususy kärhananyň önümleriniň diňe bir Türkmenistanyň içerki bazarlaryna däl-de, eýsem, daşary ýurtlara hem eksportynyň mukdaryny artdyrmaga ýardam eder.

Şeýle-de okaň:
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň