Soňky habarlar

Arhiw

Ahmet Agamyradow “garşydaşlarymyzy mynasyp ýeňiş bilen gutlaýaryn”

09:4317.01.2015
0
3339

Sankt-Peterburg, 17-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Arkalaşygyň Kubogy — 2015-iň ilkinji duşuşygynda Belarusyň toparyndan 0:1 hasabynda ýeňlendigine garamazdan, Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Ahmet Agamyradow oýundan soňky metbugat maslahatynda öz şägirtleriniň oýnundan razydygyny mälim etdi:

— Oglanlar öňde goýlan wezipäni ýerine ýetirdiler, dogry, netije biz üçin kanagatlanarly däl — diýip A. Agamyradow aýtdy. — Duşuşykdan öň men öz futbolçylarymdan goragdan oýnap, tiz-tizden garşylyklaýyn hüjümleri geçirmegi, jerime urgularyndan peýdalanmagy tabşyrdym. Gynansak-da pökgi geçirtdik. Şeýle-de bolsa biziň toparymyzyň oýnundan nägile däl, garşydaşymyz Belarusyň ýygyndysyny bolsa mynasyp ýeňiş bilen gutlaýaryn.

—Size öz isleýän ähli oýunçylaryňyzy ýygnamak başartdymy?

—Meni toparyň baş tälimçi wezipesine ýaňy-ýakynda bellediler. Şonuň üçinem, bary bilen bazar eýlemeli boldy. Häzir bizde synagda gezip ýören ýaş oglanlar az däl. Bu — biziň gelejegimiz biz häzirki wagtda tanyşlyk döwrüni başdan geçirýäris diýseňem boljak.

—Diýmek Arkalaşygyň Kubogynda siziň öňüňizde hiç hili anyk wezipe goýlanok diýseň-de boljak-da?

—Biziň ynamymyz uly. Elbetde toparçamyzdaky garşydaşlaryň derejesi örän ýokary. Olaryň ählisi diýen ýaly UEFA-nyň zolagynyň toparlary. Biziň öňümizde duran esasy wezipe — toparçadan çykmak. Eger biz muny başarsak oglanlarymyz üçin üstünlik hasaplasak bolar. Her bir ýaryşda wezipäni bolsa biz öz öňümizde elmydama goýýas. Maksatsyz oýnamak bolmaz ahyryn.

—Siziň Arkalaşygyň Kubogyna ilkinji gezek gelşiňizmi?

—Men bu ýere 2012-nji ýylda baş tälimçiniň kömekçisi hökmünde, 2013-nji ýylda bolsa türkmen toparynyň wekiliýetiniň düzüminde gelipdim.

Belarusyň ýaşlar ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Igor Kowalewiçiň oýundan soňky metbugat maslahatynda aýdanlary:

—Men biziň toparymyzyň birinji ýarymda görkezen oýnundan o diýen razy däl. Ýöne munuň ýaryşdaky ilkinji oýundygyny hem bellemek gerek. Men toparymyzyň öz oýnuny barha güýçlendirjekdigine ynanýaryn.

—Geçen ýyl siziň toparyňyz ýaryşda üçünji orny eýeläpdi. Bu ýyl nähili wezipeleri öz öňüňizde goýýarsyňyz?

—Bir zady anyk aýdyp biljek, biz ýeňilmek üçin-ä gelmedik. Şonuň üçinem geçen ýylkydan pes çykyş etmezlige çalyşarys. Häzirki wagtdaky esasy wezipämiz — toparçadan çykmak.

—Siziň toparyňyzyň düzüminde geçen ýyl öz oýny bilen ýatda galan Sawiski görnenok. Ol name üçin gelmedi?

—Ol —Polşanyň “Ýagelloniýasynyň” oýunçysy. Şonuň üçin ähli zat düşnükli, toparyň ony goýberesi gelmedi. Elbetde, Sawiski biziň üçin örän wajyp oýunçy bolansoň, munuň biziň üçin belli bir derejede ýitgidigi düşnükli.

—Geçen ýyl siziň toparyňyzy şikesler alyp ýatdy. Bu gezek şeýle ýagdaýyň ýüze çykmazlygy ýaly, nähilidir bir çäreleri gördüňizmi?

—Dogry bellediňiz, geçen ýyl soňky oýuna çykmak üçin oýunçy ýetmezçiligi duýuldy. Şonda biz bary ýogy 15 adama bil bagladyk. Bu ýyl bolsa, jemi 22 oýunçy, öňküden iki adam artyk getirdik.

—Siz duşuşygyň dowamynda oýna girizen oýunçyňyzy çalyşdyňyz. Muňa name sebäp boldy?

—Siz Pobudeýi göz öňünde tutýarsyňyz öýdýän. Biz töwekgelçilik etmäli diýdik. Ol Belarusyň ikinji diwizionynyň toparynda çykyş edýär. Örän peýdaly oýunçy we oňat oglan. Onuň uly gelejegi bar. Biz ony bary-ýogy barlap gördük, ähli zat gülala-güllük. Biziň toparymyzda oňat oýunçylar az däl. Ýaroskini alyp göreliň. Ol — “Grodno” toparynyň uçurymy, häzir bolsa Minskiniň “Dinamosynyň” esasy düzümine dalaşgärleriň biri.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň