“Miweli ülke” hususy kärhanasy hasyl toýy mynasybetli geçirilen sergä gatnaşdy

17:4914.11.2021
0
4537

Türkmenistanda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde dabaraly bellenilip geçilýän Hasyl toýuna bu ýyl hem ýurduň oba hojalyk pudagynyň ösüşine goşant goşýan önüm öndürijileriň köp sanlysy gatnaşdy. Baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda guralan sergide hususyýetçileriň bakja we miwe önümleri, şol sanda ösdürip ýetişdiren hasyllarynyň dürli görnüşleri sergä gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi.

Milli önümleriň özboluşly sergisinde “Miweli ülke” hususy kärhanasy önümçilik kuwwatyny, önümleriniň köpdürlüligini we täzeçil taslamalarynyň amala aşyrylyşyny tanyşdyrýan sergi pawilýonyny gurady. Onda hususyýetçileriň işinde häzirki ýetilen sepgitler bilen birlikde, dünýäniň döwrebap önümçilik usullarynyň aýratynlyklarynyň durmuşa ornaşdyrylmagy, birnäçe daşary ýurtlara eksport edilýän harytlar köpçülige ýetirildi. “Miweli ülke” hususy kärhanasynyň gök-bakja we miwe önümleri, şol sanda sowadyjy ammarda saklanýan banan, apelsin, şeýle-de almanyň üç, ýagny gyzyl, gök we sary görnüşleri baýramçylyk sergisine gatnaşyjylara görkezildi. Şonuň ýaly-da, hususy kärhananyň kuwwatly önümçiliginiň gök-bakja hasylyndan hyýar, pomidor, sogan, sarymsak, ýeralma ýaly önümler pawilýonyň bezegine öwrüldi.

Şeýle-de okaň:
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň