“Ak setir” türkmen kompaniýasy dizaýn we kätiplik hyzmatlaryny hödürleýär

17:3413.11.2021
0
5890

Dizaýn we kätiplik býurosy “Ak setir” telekeçilere nyşanlary, söwda markalary, döretmekde we resminamalary düzmekde öz hyzmatlarynyň sanawyny hödürleýär.

Kompaniýanyň hünärmenleri hatlary doldurmakda, dürli kynçylykdaky tekstleri ýazmakda, redaktirlemekde we kompýutere geçirmekde, elektron poçtany ugratmakda we kabul etmekde, şeýle hem telekeçilik işi we Türkmenistanyň

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolmak boýunça konsultasiýa işlerini geçirmekde, töleg buýrugyny doldurmakda ýardam edýärler.

“Ak setir” dizaýn hyzmatlaryň sanawy logotip we firma mahsus stil elementlerini döretmek, etiketkalaryň we önümiň daşky gabygynyň dizaýnyny işläp düzmek, mahabat bukletleriniň, listowkalaryň, asmaçlaryň we plakatlaryň dizaýnlaryny öz içine alýar. Mundan başga hem “Ak setir” kompaniýasy redaktirleme, montaž işlerini ýerine ýetirmek, hormat hatlaryň we sertifikatlaryň nusgalaryny taýýarlamak bilen giňden meşgullanýar.

Kompaniýanyň hyzmatlary barada giňişleýin tanyş bolmak üçin deglşli salga ýüz tutup bilersiňiz:

  • Aşgabat şäheri, A. Nyýazow köç. , 174-nji jaý, 0-njy gat, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasy.
  • Aşgabat şäheri, Ankara köç. , “Rysgal bank” binasy, Blok A, 25-nji jaý, 1-nji gat, 102-nji ofisi.

Şeýle hem telefon arkaly maslahat alyp bilersiňiz:

  • +99363 855132 we +99365 122138, ýa-da elektron salgymyza ýüzlenip hem bilersiňiz: ikinokat@aksetir.com ýa-da nokat@aksetir.com.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň