Arhiw

“Sanly çözgüt — 2021” bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

15:3713.11.2021
0
13802

2021-nji ýylyň 1 – 5-nji noýabry aralygynda “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan ýurduň ýaşlarynyň arasynda maglumat-telekommunikasiýa ulgamy boýunça geçirilen “Sanly çözgüt – 2021” atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bu bäsleşik saglygy goraýyş, ylym-bilim, ulag-logistika, elektron senagat, oba hojalyk, hyzmatlar ulgamy we robototehnika ýaly 7 ugur boýunça geçirildi.

Eminler toparynyň çykaran netijesi esasynda bäsleşigiň her bir ugry boýunça bir sany birinji, iki sany ikinji we üç sany üçünji orun kesgitlenildi.

“Sanly çözgüt – 2021” atly innowasion taslamalar bäsleşigine gatnaşyjylaryň dürli ugur boýunça şu taslamalary 1-nji orna mynasyp boldy:

— Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň häzirki zaman kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň mugallymy Ýaraşowa Göwher — “Saglygy goraýyş” ugry boýunça “Lukmanlara nobata durmak we hassahanalar barada maglumat jemlenen sanly programma üpjünçiligi” atly işi;

— Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Nyýazow Muhammetberdi — “Ylym we bilim” ugry boýunça “CNC robotlaryň arzan bahadan we öz dilimizde halka hödürlemegi, geljekdäki ýaş nesillere kompýutere we robotlara bolan dünýa garaýsyny giňeltmekde ýardam bermek” atly işi;

— Fiziki şahs (raýat) Aşyrow Bereket — “Ulag-logistika” ugry boýunça “Ýük daşaýanlary we daşadýanlary bir portalda jemlemek” atly işi;

— Fiziki şahs (raýat) Durdyýew Merdan — “Elektron senagat” ugry boýunça “Taslamanyň esasy wezipesi senagatda, ykdysadyýetde we gündelik iş dolanyşykda harydy, enjamy, tehnologiýany saýlamakda çözgüdi kabul etmäge goldaw bermek” atly işi;

— Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň magistr talyby Saparow Bagtyýar — “Oba hojalyk” ugry boýunça “Zatlaryň internetini tehnologiýasyny durmuşymyza ornaşdyrmak” atly işi;

— Ruhnama adyndaky 28-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Ýylkybaýew Ylýas — “Hyzmatlar ulgamy” ugry boýunça “Söhbet – hatlary alyş-çalyş etmek üçin sada, çalt we howpsuz programma” atly işi;

— Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Nano we biolukmançylyk elektronikasy kafedrasynyň mugallymy Jumakowa Nargiza — “Robototehnika” ugry boýunça “Arduino Nano esasynda 3D Lazer skanirlerýji enjamynyň ýasalyş tehnologiýasy” atly işi.

Bäsleşikde tapawutlanyp, öňdäki orunlara eýe bolan ýaşlar “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan diplom hem-de baýraklar bilen sylaglandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň