Soňky habarlar

Arhiw

Olara Türkmenistan guwanýar

11:4016.01.2015
0
15264

Aşgabat, 16-njy ýanwar. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti 2014-nji ýylyň iň gowy türgenleriniň onlugyny mälim etdi.

Sanawda ilkinji orny halkara derejeli sport ussady Gülbadam Babamuratowa (52 kg agramlyk dereje) eýeledi. Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň 23 ýaşly wekili, Lebabyň göreş mekdebiniň uçurymy geçen ýylda Aşgabatda guşakly göreş boýunça dünýä çempiony boldy, Phuketde (Tailand) geçirilen IV kenarýaka Aziýa oýunlarynda biziň ýurdumyzyň toparyna ýeke-täk altyn medal getirdi, Koreýanyň Inçhon şäherinde geçirilen XVII tomusky Aziýa oýunlarynda dzýudo boýunça kümüş medala mynasyp boldy. Ýeri gelende bellesek, sportuň olimpiýa görnüşi bolan dzýudoda türkmen türgenleriniň şeýle iri halkara ýaryşlarynda ýeňiş gazanmandyklaryna köp ýyl boldy. Soňky gezek Aziýa oýunlarynda türkmenistanly türgenler hormat münberine 2002-nji ýylda Koreýanyň Pusan şäherinde çykypdylar. Şonda erkekleriň arasynda 66 kg agramda Guwanç Nurmuhammedow kümüş, zenanlaryň arasynda Nasiba Surkiýewa (78 kg agramlyk dereje) bürünç medallara mynasyp bolupdylar.

Häzirki wagtda dünýäde dzýudo boýunça reýtingde 552 utuk bilen 29-njy orny eýeleýän G. Babamuratowa şu ýylyň awgustynda Gazagystanyň paýtagty Astanada geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşar. Ildeşimiz bu ýaryşda 2016-njy ýylda Braziliýada geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna ýollanma gazanmak ugrunda göreşer.

Geçen ýylyň iň güýçli türgenleriniň onlugynda ikinji we üçünji orunlary degişlilikde boks boýunça halkara derejeli sport ussatlary, Koreýada geçen Aziýa oýunlarynyň bürünç medallarynyň eýeleri Serdar Hudaýberdiýew bilen Aziz Bebitow eýeleýär. Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Şöhrat Gurbanow bilen Sabir Kseýhanowyň şägirtleriniň öňünde şu ýylda Tailandda geçjek Aziýa çempionatynda we Katarda boljak dünýä çempionatynda olimpiýa ýollanmalaryny gazanmak wezipesi durýar.

Onlukda dördünji orny XVII tomusky Aziýa oýunlarynyň grek-rim göreşi boýunça bürünç medalynyň eýesi Şermet Permanow (71 kg agram dereje) ýerleşdi. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Rozy Rejepowyň şägirdi Aziada — 2014-iň öňüsyrasynda Daşkentde dünýä çempionatynda iň güýçlüleriň sekizligine girmegi başardy. Üstümizdäki ýylda bu türgene degişlilikde Katarda we ABŞ-da geçiriljek Aziýa hem dünýä çempionatlarynda olimpiýa ýollanmalary ugrundaky göreş garaşýar.

Sanawda 5-nji we 6-njy orunlary uşuçylar Salaheddin Baýramow (65 kg agram dereje) we Jennet Aýnazarowa (60 kg agram dereje) ýerleşdiler.

Türkmenistanyň uşu federasiýasynyň başlygy Ýazmyrat Annamyradowyň şägirtleriniň ikisi-de Koreýada geçen Aziýa oýunlarynyň bürünç medalynyň eýeleridir.

Ýurdumyzyň iň gowy türgenleriniň arasynda 7-nji orun guşakly göreş boýunça dünýä çempionatynda erkin usulda ýeňiji bolan Tirkeşgeldi Aýazowa (62 kg agram dereje) berildi. Şeýle hem Setdarberdi Rejepberdiýewiň şägirdi 2014-nji ýylda Ýekaterinburgda (Russiýa) geçirilen guşakly göreş boýunça Ýewraziýanyň Kubogynda kümüş medala mynasyp bolupdy.

Iň gowy türgenleriň arasynda soňraky orny küşt boýunça Türkmenistanyň 16 ýaşly wise-çempiony Saparmyrat Atabaýew eýeleýär. Ol geçen ýylyň iýun aýynda Moskwadaky halkara ýaryşynda diňe bir ýeňiji bolman, eýsem, halkara ussadynyň ikinji ballyny aldy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Orazly Annageldiýew bilen Aýdogdy Atabaýewiň şägirdine bu ada mynasyp bolmak üçin ýene bir ball gazanmak ýeterlikdir.

Geçen ýylyň iň gowy türgenleriniň sanawynda 9-njy we 10-njy orunlar pauerlifting boýunça halkara derejeli sport ussatlary: XI paralimpiýa Aziýa oýunlarynyň (Inçhon) kümüş medalynyň eýeleri Walentina Semakowa (61 kg agram dereje) we Sergeý Miladzä berildi. W. Semakowa — Aşgabat şäheriniň sport baradaky komitetiniň maýyplar sport mekdebiniň uçurymy. S. Miladze bolsa Türkmenistanyň Milli paralimpiýa komitetiniň maýyplar sport mekdebiniň wekilidir.

“Türkmenportal” geçen ýylyň iň gowy türgenleriniň onlugyna giren ildeşlerimizi tüýs ýürekden gutlaýar. Olara 2015-nji ýylda has-da uly üstünlikleri gazanmagy arzuw edýär.

Suratda: 2014-nji ýylyň jemi boýunça Türkmenistanyň iň gowy türgeni Gülbadam Babamuratowa.              

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň