Soňky habarlar

Arhiw

Instagram dynç almak üçin arakesme etmegi maslahat berer

16:4911.11.2021
0
2332
Instagram dynç almak üçin arakesme etmegi maslahat berer

Instagram sosial ulgamy ulanyja sahypalara seretmegi bes etmek üçin arakesme almagy duýdurýan täze guralyň synagyna başlady, bu barada 10-nji noýabrda serwisiň başlygy Adam Mosseri Twitterdäki sahypasynda habar berdi.

Täze usul “Take a break” diýip atlandyryldy. “Bu opsiýa siziň saýlap alan wagtyňyzyň dolandygyny hem-de dynç almak üçin arakesme etmegiň wagtynyň gelendigini habar berer” diýip, Mosseri belledi. Onuň aýtmagyna görä, synaglaryň netijeleri öwreniler hem-de oňlanylsa, täze usul dekabrdan işe giriziler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň