Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmentel ― 2021» halkara onlaýn maslahatynyň ilkinji güni tamamlandy

23:4510.11.2021
0
1310

Şu gün paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2021” atly XIV halkara onlaýn maslahaty öz işine başlady. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, ony “Türkmenaragatnaşyk” agentligi hem-de Söwda-senagat edarasy guradylar.

Häzirki zaman aragatnaşyk serişdelerine bagyşlanan şu gezekki halkara onlaýn maslahatda garalýan wajyp meseleleri ala alyp maslahatlaşmaga 25 ýurtdan wekilleriň 300-den gowragy gatnaşýar. Maslahatyň işine diňe bir işewür toparlary däl, eýsem, hünärmenler, alymlar hem-de bilermenler gyzyklanma bildirdiler.

Ýurdumyzyň öňden gelýän, hemişelik hyzmatdaşlarynyň hatarynda aragatnaşygyň dürli görnüşleri, maglumatlar tehnologiýalary bazarynda öňdäki orunlary eýeleýän “NOKIA”, “HUAWEI”, “Thales”, “Afghan Wireless” , “Delta Telecom Ltd”, “Rostelecom”, “Eastwind”, “Azertelecom” we beýlekiler bar.

Onlaýn maslahatyň çäklerinde dürli ýurtlarda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ösdürmegiň täze ugurlary barada aýdyldy. Dünýäde interneti ösdürmäge täsir edýän öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň geljegine uly üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, “TürkmenÄlem 52oE” milli aragatnaşyk hemrasyny ulanmagyň çäklerini giňeltmek meselesi hem forumyň mowzuklarynyň biri boldy. Pikir alyşmalaryň barşynda hünärmenler häzirki zaman hemra tehnologiýalaryny ulanmagyň dürli ugurlaryny, milli hemra aragatnaşyk ulgamynyň tehniki we maglumat üpjünçiligi bilen bagly meseleleri, üstaşyr telekommunikasiýa hyzmatlaryny guramak babatda onuň ähmiýetinidir mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu babatda tebigy desgalary öwrenmekde ýeri uzak aralykdan zond arkaly barlamagyň we geomaglumat tehnologiýalarynyň maglumatlaryny ulanmagyň, milli ösüşiň bähbidine ýer üstüni seljermegiň mümkinçilikleri barada çykyşlar diňlenildi.

Ertir “Türkmentel — 2021” atly XIV halkara onlaýn maslahat öz işini dowam eder. Onuň çäklerinde “Berkidilen we öýjükli aragatnaşyk ulgamlary: aragatnaşygyň bitewi milli ulgamyny döretmek, giň zolakly optiki-süýümli 5G öýjükli aragatnaşyk ulgamlary”, “Sanly özgertmeler zamanasynda maglumat howpsuzlygy” ýaly ugurlar boýunça mejlisler geçiriler. Forum tamamlanandan soňra “Sanly çözgüt — 2021” atly innowasiýa taslamalary bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň