Wise-premýerlere daşary ýurtlarda bilim alan ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmegiň tertibini işläp düzmek tabşyryldy

18:3315.01.2015
0
3952

Aşgabat, 15-nji ýanwar. “Türkmenportal”

9-njy ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary bilimli hünärmenleriň ýiti ýetmezçilik edýändigini belledi. Bu günki gün daşary ýurtlarda bilim alyp gelen ýaşlaryň köpüsi öz hünäri boýunça işlemeýär.

Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Prezidenti bilim ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýere garamagyndaky düzümleriň ýolbaşçylary bilen seljerme geçirip, bar bolan ýetmezçilikleri aradan aýyrmak üçin gaýragoýulmasyz çäreleri geçirmegi tabşyrdy.

Şonuň bilen birlikde siziň esasy wezipäňiz öňküligine galýar — biziň ýaşlarymyza dünýä ülňülerine laýyk bilim berilmegini üpjün etmekden ybarat bolup durýar diýip milletiň Lideri belläp geçdi. Biziň ýaşlarymyzyň daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin döwlet tarapyndan ägirt uly serişdeler goýberilýär diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdirdi. Häzirki wagtda ýaş türkmenistanlylaryň 4 müňden gowragy daşary ýurtlarda ýokary bilim alýar. Ýöne, gynansak-da, okuwy gutaransoňlar, hiç kim olaryň geljekki ykbaly bilen gyzyklanmaýar diýip Döwlet baştutany belledi. Olaryň köpüsi ata Watana dolanyp gelip, söwda edaralaryna işe ýerleşýärler.

Şunuň bilen baglylykda milletiň Lideri wise-premýerlere daşary ýurtlarda bilim alyp gelen ýaş hünärmenleri döwlet edaralaryna we kärhanalaryna işe ýerleşdirmegiň täsirli guralyny işläp düzmegi tabşyrdy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň