Soňky habarlar

Arhiw

Mary welaýatynda 13 kilometre golaý aralykda gaz turbalary çalşylýar

18:2110.11.2021
0
800

«Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň kärhanalaryny we guramalarynyň, şeýle hem Mary welaýatyny gaz bilen üpjün etmek boýunça gurluşyk-gurnama müdirliginiň işgärleri şäherleriň we obalaryň ilatyny gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek, hereket edýän gaz geçirijilerini abatlamak, gaz torlaryny ýyladyş möwsümine taýýarlamak boýunça işleri alyp barýarlar.

Zerur bolan materiallar, dürli diametrli turbalar we gaz geçirijilerini gurmakda we abatlamakda ulanylýan beýleki serişdeler bilen «Marygazüpjünçilik» müdirligi öz wagtynda üpjün edýär.

Häzirki wagtda gazçylaryň işleri Türkmengala etrabynyň çäklerinde alnyp barylýar. Bu ýerde «Tutly» gazpaýlaýjy bekedinden başlap Baýramaly we Türkmengala etraplarynyň ilatly nokatlaryna çenli gaz geçirijilerini düýpli abatlamak boýunça gurluşyk-gurnama işleri ýokary depginlerde anyp barylýar. Uzynlygy 12 müň 850 metr bolan gaz geçirijiniň ugry bilen 159 millimetrlik turbalary geçirijiligi has ýokary bolan 530 mm turbalara çalyşmak işleri dowam edýär.

Turbalary oturtmak boýunça işler ýokary hünär taýýarlykly hünärmenler tarapyndan amala aşyrylýar. Şol bir wagtda döwrebap tehnikalar, kebşirleýji enjamlar we işleri ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin zerur bolan beýleki tehniki enjamlar ulanylýar. Şu günki güne çenli gazçylar tarapyndan gurluşyk gurnama işleri 6 müň 300 metrlik gaz geçirijilerde tamamlanyp, ulanyşa tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň