Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen futbolçylaryny öýkeledenler çärýek finala çykyp bilmediler

12:5315.01.2015
0
3274

Aşgabat, 15-nji ýanwar. ”Türkmenportal”

2010-njy we 2012-nji ýyllarda AFK-nyň Çagyryş Kubogy ugrundaky ýaryşyň final duşuşyklarynda türkmen futbolçylaryny dörtýyllygyň esasy yklym bäsleşiginden mahrum eden KHDR-iň ýygyndy topary Aziýanyň Kubogy — 2015-iň final böleginiň çärýek finalyna çykyp bilmedi. Demirgazyk koreýalylar “B” toparçasynda ilkinji tapgyrda özbegistanlylardan ýeňleninden soň (0:1), Saud Arabystanynyň ýygyndysyndan 1:4 hasabynda asgyn geldiler.

Duşuşyk AFK-nyň çagyryş Kubogyna iki gezek eýe çykan topar üçin şowly başlady. 12-nji minutda Rýan Ýon Gi KHDR-i öňe çykardy — 1:0, ýöne arakesmä  8 minut galanda Naif Hazazi hasaby deňledi — 1:1.

Ikinji ýarym Saud Arabystanynyň ýygyndysynyň uly artykmaçlygynda geçdi. Bu toparyň düzüminde ilki Mohammed Al-Sahlafi iki pökgi geçirdi (52-nji we 54-nji minutlar). Soňra Nawaf Al-Abid tapawutlandy (76-njy minut). Ýöne bu pökgi geçirilen pursady eýýäm demirgazyk koreýalylar azlykda oýnaýardylar, 75-nji minutda Ri Ýon Çik oýundan çykaryldy.

“B” toparçasyndaky beýleki duşuşykda öňdebaryjylar — Hytaýyň we Özbegistanyň ýygyndylary duşuşyp, bu oýun uly gyzyklanma döretdi. Hytaýlylar ilkinji minutdan meýdança artykmaçlygyny gazandylar. Bir döwürler “Marsel”, “Lion”, “Sent-etýen” ýaly toparlarda işlän fransuz hünärmeni Alen Perreniň şägirtleri top saklamak bilen, gyralardan hüjüm etmäge, şeýle hem garşydaşy gysmaga çalyşdylar. Ýöne bu netije bermedi. Özbek futbolçylary özlerini ele alyp, garşylyklaýyn hüjüm edip başladylar. Netijede 23-nji minutda “Krasnodaryň” ýarym goragçysy Odil Ahmedow hasaby açdy. Bu hasap 54-nji minuta çenli saklandy. Hut şonda Perreniň şägirtleri sag gyradan hüjüm geçirdiler. Şol ýerden jerime meýdançasyna geçirilen pökgi ilkinji bolup Wu Si ýetişdi — 1:1. 68-nji minutda bolsa Sun Ke owadan urgy bilen öz toparyny öňe çykardy —2:1.

Şeýlelikde, bu duşuşykda ýeňiş gazanan Hytaýyň ýygyndysy 6 utuk bilen toparçada öňdäki orna geçdi we wagtyndan öň çärýek finala çykdy. Indiki tapgyrda oýnamaga hukuk gazanjak ikinji topar Özbegistanyň we Saud Arabystanynyň toparlarynyň arasyndaky özara duşuşykda mälim ediler. Olaryň hersiniň 3 utugy bar.

Aziýanyň Kubogy — 2015-iň ýarym finalynda çykyş etmäge ilkinji bolup “A” toparçasynyň wekilleri Awstraliýanyň we Koreýa Respublikasynyň ýygyndylarynyň mynasyp bolandygyny ýatladýarys.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň