Haulin Žoao: «COVID-19 pandemiýasy, maglumat kommunikasiýa tehnologiýalaryň ösdürilmeginiň zerurlygyny has hem aýdyň aýan etdi»

16:0010.11.2021
0
1086

Aşgabatda geçirilýän telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2021» atly XIV halkara onlaýn maslahatda Halkara elektro aragatnaşyk bileleşiginiň Baş sekretary Haulin Žoao onlaýn görnüşde çykyş etdi. Ol çykyşyny şeýle beýan etdi:

Siziň alyhezretleriňiz,

Hanymlar we jenaplar,

«Türkmentel — 2021» atly halkara ylmy maslahatda çykyş etmek çakylygy üçin Size tüýs ýürekden minnetdarlygymy bildirýärin. Soňky on ýylyň dowamynda maňa bu maslahata hut özümiň Aşgabat şäherinde, şeýle hem sanly wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly göni ýaýlymda ýagny onlaýn görnüşde uzak aralykdan birnäçe gezek gatnaşmaga mümkinçilik boldy we bu çäräniň giňden ýaýbaňlandyrylmagy bilen bir hatarda, onuň göwrüminiň we täsiriniň has hem artmagy meni diýseň begendirýär. Maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryň Türkmenistanyň häzirki döwürde ýeten ösüş derejesine we onuň döwrebap we ösen ýurda öwrülmegine nähili derejede öz täsirini ýetirendigini men uly gyzyklanma bilen syn etdim we ýurduň soňky ýyllarda gazanan ähli üstünliklerine örän buýsanýaryn. Bu ýetilen sepgitleriň ählisi, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «2019-2021-nji ýyllar üçin ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy» ýaly möhüm başlangyçlary netijesinde mümkin boldy. COVID-19 pandemiýasy, maglumat kommunikasiýa tehnologiýalaryň ösdürilmeginiň zerurlygyny has hem aýdyň aýan etdi we men şu pursatdan peýdalanyp, sebitdäki gyzyklanma bildirýän ähli döwlet we hususy taraplary, şol sanda hem kiçi we orta telekeçiligiň wekillerini, kynçylyklara (çynlakaý wehimlere) hötde gelmek we öňümizde döreýän mümkinçiliklerden peýdalanmak üçin tagallalarymyz birleşdirip bilelikde işlemäge höweslendirmek isleýärin.

ITU - ýagny Halkara ekektro aragatnaşyk Bileleşigi barada aýdanymda, 1865-nji ýylda, ýagny 150 ýyldan gowrak wagt mundan öň döredilen bu bileleşik, häzirki wagtda, Birleşen Milletler Guramasynyň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary we hyzmatlary boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolup, radio-ýygylyk spektriniň we emeli hemra orbitasynyň global ulanylyşyny utgaşdyrmak şeýle-hem maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar torlarynyň özara gatnaşygynyň we funksional sazlaşygynyň esasynda duran tehniki ülňüleri işläp düzmek we tutuş dünýä boýunça, ýeterlikli derejede hyzmat edilmeýän ilatly nokatlary üçin maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryň elýeterliligini gowulandyrmak üçin jogapkärdir. Halkara ekektro aragatnaşyk Bileleşigi 193 agza döwletden, 900-den gowrak kompaniýadan şeýle hem 160-dan gowrak uniwersitetden we köp sanly halkara we sebit guramalaryndan ybaratdyr.

ITU bileleşigi, 2019-njy ýylyň ahyrynda çap edilen iň soňky içerki statistiki maglumatlara görä, şu sebitde ykjam (ýagny mobil) serwer hyzmatynyň ýaýramagynyň 100 göterime golaýlandygyny, internet ulgamyndan peýdalanýanlaryň sanynyň 70 göterimden hem geçendigini we bu babatda soňky iki ýylda has köp öňegidişlik gazanylandygyny uly kanagatlanma bilen belleýär. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlaryny, gazanylan üstünlikler bilen, şeýle hem “Türkmentel-2021” halkara ylmy maslahatyny maglumat kommunikasiýa tehnologiýalaryň ösüşi üçin wajyp platforma hökmünde ulanýan Türkmenistany we sebitdäki ähli ýurtlary, maglumat aragatnaşyk tehnologiýalaryň bähbitlerini we çäksiz mümkinçiliklerini giň jemgyýetçilige hödürleýändikleri üçin tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Çykyşymyň ahyrynda, men, siziň ähliňizi, ITU - ýagny Halkara ekektro aragatnaşyk Bileleşigi tarapyndan şu ýylyň Dekabr aýynyň 16-18-i aralygynda Ženewa şäherinde geçiriljek Telekommunikasiýa/Maglumat Kommunikasiýa Tehnologiýa Syýasaty boýunça 6-njy Bütindünýä Forumyna, täze we indi döreýän Telekommunikasiýalaryň we Maglumat Kommunikasiýa Tehnologiýalaryň ösüş depginini has hem öňe ilerletmäge goşant goşjak bu çärä gatnaşmaga çagyrýaryn. Size, «Türkmentel — 2021» atly halkara ylmy maslahatyny üstünlikli geçirmegi arzuw edýärin we sebitde we onuň daşynda Türkmenistanyň bu ugurdaky özgerişlikleriň täze derejesine ýetmegini mundan beýläk hem çaltlaşdyrmak üçin hemmäňiz bilen bilelikde işleri amala aşyrmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Sag boluň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň