Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Watan goragçylarynyň güni ýokary guramaçylyk derejesinde bellenilip geçiler

16:1914.01.2015
0
13786

Aşgabat, 14-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

13-nji ýanwarda täze ýylda ilkinji gezek geçirilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2014-nji ýyldaky işiniň jemleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geçen ýylda geçirilen işler hakyndaky hasabat bilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, ýurdumyzyň milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Berdiýew çykyş etdi. MHM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, Goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa iri möçberli harby özgertmäniň üstünlikli dowam etdirilmeginde möhüm utgaşdyryjy orny eýeleýän Döwlet howpsyzlyk geňeşiniň köptaraplaýyn işi, milli howpsuzlygy pugtalandyrmak hem-de ýurdumyzda asudalygy we abadançylygy  saklamak maksady bilen Milli howpsuzlyk ministrligi tarapyndan durmuşa geçirilýän  çäreler barada habar berdi.

Harby ulgamda bellenilen reformalaryň durmuşa geçirilişine kanagatlanma bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ýaýlym Berdiýewe geljekde-de türkmenistanlylaryň parahat we bagtly durmuşyny üpjün etmek,  Harby doktrinany yzygiderli berjaý etmek boýunça ähli hukuk goraýjy we harby edaralaryň sazlaşykly işine üns bermegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz içerki jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy saklamak işinde Milli howpsuzlyk ministrliginiň möhüm ornuna ünsi çekip, türkmen jemgyýetiniň parahatçylykly, döredijilikli  başlangyçlaryny, milletimiziň agzybirligini we jebisligini Türkmenistanyň mundan beýläk-de  ykdysady hem-de ruhy rowaçlygynyň aýrylmaz şerti hökmünde yzygiderli  pugtalandyrmagyň zerurdygyny belledi.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy M. Yslamowa, goranmak ministri B. Gündogdyýewe, içeri işler ministri I. Mulikowa, Baş prokuror A. Hallyýewe, Ýokary kazyýetiň başlygy B. Çaryýewe, adalat ministri B. Muhamedowa, Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A. Hojamgulyýewe, Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A. Osmanowa, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D. Baýramowa söz berildi. Olar 2014-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işler, toplumlaýyn harby reformanyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdiler.

Alnyp barylýan syýasatyň ileri tutulýan meseleleri barada durup geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýylda hem soňky ýyllarda bütin dünýäde ykrar edilen harby tehnika bilen üpjün edilýän milli goşunyň goranyş ukybyny has-da pugtalandyrmak babatda uly işleri alyp barmagyň möhümdigini belledi. Şeýle hem harby gullukçylaryň we olaryň maşgalalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak reformanyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz ýetip gelýän Watan goragçylarynyň gününe taýýarlyk görmek meselesiniň üstünde durup geçmek bilen, bu  baýramçylygy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2014-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde bu düzümleriň öňünde durýan wezipeleriň ýurdumyzyň abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz 2015-nji ýyl üçin kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda harby düzümleriň ýolbaşçylaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň