Türkmenabatdan Moskwa ýene bir ýörite uçuş guralar

17:2709.11.2021
0
1431

Türkmenistanyň Türkmenabat şäherinden Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde nobatdaky ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Konsullyk gullugynyň “Telegram” jemgyýetçilik torunda habar berilýär diýip, "Atawatan-Türkmenistan" ýazýar.

Şol jemgyýetçilik tory arkaly ýaýradylan maglumata görä, Russiýanyň “S7” awiakompaniýasy tarapyndan 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmak göz öňünde tuitulýar.

Şol habarda bu ýörite gatnaw üçin awiapetekleriň “S7” awiakompaniýasynyň kassalarynda 10-njy noýabryndan satylyp başlanjakdygy mälim edilýär.

Bilşiňiz ýaly, dünýäde ýaýran koronawirus ýokanjy sebäpli ýörite uçar gatnawlary amala aşyrylýar. Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň goldaw bermeginde “S7” awiakompaniýasy tarapyndan 2020-nji ýylyň martyndan bäri yzygiderli ýörite gatnawlar amala aşyrylýar.

Bu kompaniýa tarapyndan 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda 3 sany ýörite gatnaw amala aşyrdy. Olar 15-nji oktýabrda, 22-nji oktýabrda hem-de 29-njy oktýabrda bolup geçdi. Umuman, her gezek 170-dan gowrak ýolagçy bu gatnawdan peýdalanýar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Türkmenabat şäherinden Russiýanyň Moskwa şäherine 29-njy oktýabrda 25-nji ýörite gatnaw amala aşyryldy. Bu gezekki 26-njy gatnaw bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň