Soňky habarlar

Arhiw

“Tanat” işewürlik-maglumat kitapçasynyň ilkinji neşiri köpçülige ýetirildi

17:2509.11.2021
0
8135

Türkmenistanyň ähli ýerlerindäki iri, orta we kiçi hususy kärhanalar baradaky köp sanly maglumatlary mazmunynda jemleýän täze “Tanat” işewürlik-maglumat kitapçasy neşir edildi. “Tanat” taslamasy “Emel” dizaýnerlik kompaniýasy tarapyndan ýola goýuldy.

Täze tiražy 10 müň nusgada çap edildi. Kompaniýalar, firmalar we kärhanalar baradaky maglumatlar neşirde A4, A5, A6 we A8 formatlarda ýerleşdirilen, onda hyzmatlar barada we habarlaşmak üçin maglumatlar hem bar.

Işewürlik-maglumat kitapçasy mugt bolup, ony ýurduň ähli jemgyýetçilik ýerlerinden tapmak bolýar.

Işewürlik-maglumat kitapçalary we kataloglary — işewürlik bilen meşgullanýanlar üçin öz kompaniýalarynyň işini we hyzmatlaryny tanyşdyrmak, ýurtda we ýurduň daşynda täze hyzmatdaşlary tapmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Görnükli işewürlik-maglumat kataloglarynyň sahypalarynda öz işi barada maglumat bermek kompaniýanyň abraýynyň ýokarlanmagyna we reýtinginiň täze derejelere çykmagyna ýardam edýär.

Şeýle-de okaň:

Wideo:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň