Arhiw

Aşgabatda «Türkmentel -2021» atly halkara ylmy maslahaty geçiriler

15:5909.11.2021
0
9121
Aşgabatda «Türkmentel -2021» atly halkara ylmy maslahaty geçiriler

10-njy noýabrda Aşgabat şäherinde telekommunikasiýa (telearagatnaşyk), telemetriýa we maglumat tehnologiýalary boýunça «Türkmentel -2021» atly ylmy maslahaty öz işine başlar.

2020-nji ýylda bolşy ýaly, bu ýyl hem maslahat garyşyk görnüşde (onlaýn we oflaýn) geçiriler.

Maslahata gatnaşyjylar aragatnaşyk-maglumat tehnologiýalary ugurlarynda geçirilen soňky barlaglaryň netijeleri bilen çykyş ederler, kiberhowpsuzlyk, ykdysadyýetiň we telekeçiligiň dürli pudaklary üçin sanly çözgütler bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Şeýle-de, «Türkmentel-2021» Halkara ylmy maslahatyň dowamynda «Sanly çözgüt -2021» bäsleşiginiň jemini jemlemek çäresiniň geçirilmegi hem göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanda her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bu maslahat aragatnaşyk tehnologiýalary, teleradiogepleşikler we IT ugurlarynda gazanylan üstünlikler hakyndaky soňky maglumatlar bilen üpjün edýän sebitleýin we halkara ähmiýetli çäre hökmünde özüni görkezdi. Bu ýerde dünýä telekommunikasiýa pudagyndaky täzelikler, aragatnaşyk hyzmatlary bazarynyň we IT pudagynyň häzirki tendensiýalary we gelejegi baradaky maglumatlar bilen tanyşyp bolýar.

Şeýle-de okaň:

Görüň: Fotoreportaž: "Türkmentel-2020" XIII halkara konferensiýasy

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň