Soňky habarlar

Arhiw

Korrupsiýa we parahorluga garşy göreş çäreleri ara alnyp maslahatlaşyldy

19:5613.01.2015
0
6327

Aşgabat, 13-nji ýanwar. “Türkmenportal”

Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda geçirilen maslahatlarda 2014-nji ýylda ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemleri hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 9-njy ýanwarda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde we şu gün irden welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda 2015-nji ýyl üçin öňde goýan möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatlara welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleriniň, edara-kärhanalaryň, we guramalaryň, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, şeýle hem Mejlisiň deputatlary, şäherçeleriň geňeşlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň ähli  künjeklerinde döwrebap durmuş-ykdysady düzümi döretmek boýunça toplumlaýyn işler günsaýyn giň gerime we güýçli depgine eýe bolýar. Munuň özi welaýatlary mundan beýläk-de depginli ösdürmäge, olaryň uly we köpugurly kuwwatyny amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri açýar.

Obany özgertmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Welaýatlaryň her birinde täze döwrebap obalaryň, şeýle hem dürli maksatly desgalaryň ýüzlerçesiniň gurulmagy muňa doly güwä geçýär. Şol desgalar geçen ýyl  “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini  özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny” amala aşyrmagyň çäklerinde ulanylmaga berildi. Olaryň arasynda ýokary derejede enjamlaşdyrylan medeniýet öýleri, çagalar baglary, mekdepler, saglygy goraýyş we söwda merkezleri, sport desgalary, aňrybaş amatlykly ýaşaýyş jaýlary bar.

Olar bilen birlikde, ýakyn geljek üçin döwlet Baştutanymyz her welaýatyň öňünde möhüm wezipeleri, şol sanda welaýatlary toplumlaýyn senagatlaşdyrmak, senagat pudagynyň eksport kuwwatyny berkitmek we daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutýan, halkyň sarp edýän harytlarynyň dürli görnüşleriniň möçberlerini artdyrmak babatda möhüm wezipeleri goýdy.

Maslahatlara gatnaşyjylar möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, şol sanda güýzlük dänelik ekinlere ideg etmek işleriniň barşyny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Maldarçylygy depginli ösdürmek, döwlet we hususy hojalyklarda mallaryň we guşlaryň baş sanyny köpeltmek, şeýle hem gök-bakja önümleriniň, miweleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, orta we öte şorlaşan ýerleriň hasyllylygyny dikeltmek, melioratiw işleriň hilini ýokarlandyrmak boýunça anyk çäreler bellenildi.

Maslahatlaryň barşynda ýurdumyzda kabul edilen maýa goýum maksatnamalaryny ýerine ýetirmek we degişlilikde welaýat häkimlikleri tarapyndan 2015-nji ýylda möhüm senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň bellenilen möhletlerde we ýokary hilli tamamlanmagyna gözegçilik edilmegi dogrusynda gürrüň edildi. Şunda aňrybaş amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna, şol sanda ýeňillikli karzlaşdyrmagyň maksatnamalary boýunça gurulmagyna aýratyn üns berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça maslahata gatnaşyjylar korrupsiýa we parahorluga, beýleki kanun bozulmalara we ýaramaz hadysalara garşy göreşmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Welaýatlaryň prokurorlary käbir ministrlikleriň we edaralaryň düzümine girýän bölümlerde, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynda geçirilen seljermeler netijesinde ýüze çykarylan düzgünbozmalar barada  çykyş etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň