TÝL ― 2021: «Ahal» ― heniz ýeňilmedik ýeke-täk topar

21:0508.11.2021
0
2375

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 4-nji tapgyrynda «Şagadam» bilen «Köpetdagyň» şu möwsümde ilkinji gezek utulmagy bilen, «Ahal» Ýokary ligada heniz ýeňilmedik ýeke-täk topar bolup galdy.

«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň topary geçiren bäş duşuşygynyň dördüsinde ýeňiş gazanyp, birinde deňme-deň oýnady. Şu netije bilen, 13 utuk toplan «Ahal» ikinji orundaky garşydaşyndan ― «Altyn asyrdan» 4 utuk öňe saýlanyp, ýaryş tertibiniň başyny çekýär.

Ýeri gelende aýtsak, möwsümde henize çenli iň kän utulan topar «Energetikdir». Topar şu möwsümde geçiren duşuşyklarynyň üçüsinde garşydaşlaryndan asgyn geldi. Mundan başga-da, «Altyn asyrda», «Aşgabatda» we «Merwde» iki, «Şagadamda», «Nebitçide» we «Köpetdagda» bir utulyş bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň