Daýwerler kölüň düýbünden 1200 ýaşly gaýygy tapdylar

18:3308.11.2021
0
3792

ABŞ-nyň Wiskonsin şäherindäki Mendota kölüniň düýbünden 1200 ýyl mundan ozal batan gaýyk tapyldy. Arheolog Tamara Tomsen dosty Malori Dragt bilen şu ýylyň iýun aýynda suwasty gämi bilen gezelenç eden wagtynda tapyndynyň üstünden bardy.

Daýwerler asyrlaryň dowamynda Günüň düşüp durmagy bilen abat saklanan gadymy gaýygy 27 fut çuňlukdan ýokary götermegi başardylar. Uzynlygy 4,5 metre barabar bolan gaýyk ho-çank atly ýerli amerikan taýpasynyň ata-babalaryna degişli bolupdyr. Onuň gurluşygynda gaýygy ýasaýjylar agaç bölegini içinden ýakypdyrlar, soň bolsa daşdan ýasalan gurallar bilen ony köwüpdirler. daily.afisha.ru saýtynyň habar bermegine görä, ýüze çykarylan tapyndy Wiskonsin ştatynyň döwlet arhiwine tabşyrylyp, ol saklamak üçin ýörite ýasalan ýerde ýerleşdirilipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň