Soňky habarlar

Arhiw

Lukman monitor bilen gözleriň oňaýly araçägi barada aýtdy

18:2308.11.2021
0
5413

Adam günüň dowamynda ortaça 6-7 sagadyny kompýuteriň başynda geçirýär. Şonuň üçin bu ýagdaýda gözümize zyýan ýetirmezligiň ýollaryny bilmek hem örän möhümdir. Lukmançylyk ylymlarynyň doktory, oftalmolog Sergeý Homýakow RIA Nowosti habarlar gullugyna kompýuterde işlemegiň nýuanslary baradaky täzeçe pikirlerini aýtdy. Iş wagtynda kompýuter monitorynyň ekrany gönüden-göni öňüňize tarap gönükdirilen bolmaly. Bu ýagdaýda ekranyň ýokarky gyrasy görüşiň derejesinde bolmaly we gözlerimiz bilen monitoryň aralygynda bolsa 50-60 santimetr saklanmaly.

Diagonaly 10-12 dýuýmlyk ekranly noutbukda ýa-da planşetde işlenilende aralyk tirsekden başam barmagyň uzynlygyna deň bolup biler, bu ortaça 40-45 santimetrdir.
Işleýän wagtyňyzda otagyň ýagtylygyny hem göz öňünde tutmaly. Ýagtylyk çeşmeleri has doly ýagtylykly nolluk pulsasiýaly bolmaly. Bu ýagdaýda 60 wattlyk lampanyň çykýan ýagtylyk akymy ýeterlikdir. Şunuň bilen kompýuterde işlenende fon hem möhüm aýratynlyklaryň biridir. Bilermen “Kagyz üçin amatly fon onuň sarymtyl bolmagydyr we oňa ýazgy kontrastly gara harplar bilen ýazylmalydyr, gijesine bolsa öçügsi görnüşde okamak has oňaýlydyr” – diýip belläp geçýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň