Kriştianu Ronaldu bassyr ikinji ýyl FIFA-nyň “Altyn pökgüsine” mynasyp boldy

00:2913.01.2015
0
3667

“Realyň” portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu 2014-nji ýylyň netijeleri boýunça dünýäniň iň gowy futbolçysy hökmünde FIFA-nyň  “Altyn pökgi”  baýragyna eýe boldy. Bu barada Şweýsariýanyň Sýurih şäherinde geçirilen baýrak gowşurylyş dabarasynyň dowamynda belli boldy. Birneme irräk  “R-Sport” FIFA-daky çeşmä salgylanyp, munuň hut şeýle boljakdygyny habar beripdi.

Bu baýraga ikinji gezek mynasyp bolýan Ronaldu ses berlişikde  37,66% ses alyp, “Barselonanyň” argentinaly hüjümçisi Lionel Messini (15,76%) we Mýunheniň “Bawariýasynyň” nemes derwezeçisi Manuel Noýeri (15,72%) öňürtdi. Ses berlişige milli ýygyndy toparlaryň tälimçileriniň 181-si, kapitanlarynyň 182-si, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň 181-si gatnaşdylar.

Ronaldu 2014-nji ýylda “Real” bilen Çempionlar ligasynda, Ispaniýanyň Kubogynda, UEFA-nyň Naýbaşy Kubogynda we klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynda ýeňiş gazanypdy. 29 ýaşly hüjümçi üçin Braziliýadaky dünýä çempionaty şowsuz tamamlandy: onuň çykyş edýän topary — Portugaliýanyň ýygyndysy final bölekde toparçasyndan çykyp bilmedi.

Onuň eýelän häzirki ady göterýän baýragy 2010-njy ýylda “France Football”-yň  “Altyn pökgi” we FIFA-nyň “Ýylyň oýunçysy” baýraklarynyň birikdirilmegi netijesinde esaslandyryldy. Ilkinji üç baýraga Messi (2010—2012), 2013-nji ýylda bolsa şeýle hormata Ronaldu mynasyp görüldi.

Ses berlişigiň netijeleri bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz.      

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň