Soňky habarlar

Arhiw

«Al-Muharrak» AFK-nyň kubogyna mynasyp boldy

12:3806.11.2021
0
4693

Bahreýniň «Al-Muharrak» futbol topary taryhynda ikinji gezek AFK-nyň kubogyna mynasyp boldy. Topar ýaryşyň Arad şäheriniň «Al-Muharrak» stadionynda geçirilen final duşuşygynda Özbegistanyň «Nasafyny» 3:0 hasabynda ýeňdi.

Duşuşygyň 2-nji minudynda Mahmud al-Mardi, 74-nji minudynda Huseýn Jamal, 80-nji minudynda Flawio Karioka tapawutandy.

Bu ýeňişden soň, «Al-Muharrak» ýaryşyň baş baýragyna ― 1,5 million amerikan dollaryna mynasyp boldy. Finalçy «Nasaf» toparyna bolsa 750 müň dollar gowşuryldy.

«Al-Muharrak» AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşyň baş baýragyna mundan ozal 2008-nji ýylda mynasyp bolupdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň