Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow söwda toplumynyň ýolbaşçylary bilen şu gün geçirilen iş maslahatynda dokma senagaty ministri R.Rejebowa dokma önümlerini daşary ýurt bazarlarynda has işjeň ilerletmek üçin degişli mahabat-maglumat goldawyny güýçlendirmegi tabşyrdy.
Ministriň iş maslahatynda hem hasabat berşi ýaly, şu ýylyň 10 aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürilişiniň ösüş depgini 126,9 göterim üpjün edildi. Önümçilik meýilnamasy 165,8 göterim ýerine ýetirildi.
Önümleri ýerlemekden alnan girdejileriň ösüş depgini 133,3 göterim berjaý edildi.
Içerki bazara ýerlenen önümleriň möçberiniň geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, ösüş depgininiň 125,7 göterim üpjün edilendigi bellenildi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow pudagy mundan beýläk-de ösdürmegi, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegi esasy wezipeleriň hatarynda görkezip, ministre olary üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.