Lebap welaýatynyň etraplarynda ilkinji lukmançylyk kömegini bermek boýunça okuwlar geçirildi

17:1204.11.2021
0
964

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň guramagynda Türkmenabat şäherinde, Çärjew, Farap we Dänew etraplarynda ilkinji lukmançylyk kömegini bermek boýunça okuwlar geçirildi. Olara orta mekdepleriň biologiýa we ýaşaýyş-durmuş esaslary derslerini okadýan mugallymlary gatnaşdylar.

Okuwlarda dürli ýagdaýlar ýüze çykan wagtynda lukmanlar gelýänçä, ejir çekene ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň usullary öwredildi. Kömek berýäniň anyk ýagdaýlarda etmeli hereketleri barada slaýdlar, wideoýazgylar görkezildi. Şeýle hem lukmanlar ilkinji lukmançylyk kömeginiň berlişiniň tejribede amala aşyrylyşyny görkezdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň