Soňky habarlar

Arhiw

ITEA Türkmenistanda zenanlar üçin «JavaScript» mowzugy boýunça ussatlyk sapagyny geçirer

16:0404.11.2021
0
5043

IT hünärlerine bolan islegiň yzygiderli artýandygyna garamazdan, häzirki zamanyň ösen tehnologiýasyny has içgin öwrenmäge meýil bildirýän zenanlara garşy köp päsgelçilikler ýüze çykýar: «Bu örän kyn iş, aýratyn pikirlenmegi talap edýär» ýa-da «Bu zenanyň işi däl» diýen pikirler öňe sürülýär.

Zenanlar nädip IT ulgamyna girip, bäsdeşige ukyply, üstünlikli hünärmen bolup biler?

Türkmenistanda ýerleşýän Halkara IT akademiýasynyň (ITEA-nyň) mentory Anastasiýa Jepbarowa IT ulgamynyň zenanlar üçin hünär işjeňliginiň ajaýyp ugrydygyny we bu hünäri öwrenmegiň beýle bir kyn hem däldigini öz şahsy mysaly – IT hünärini öwrenjek gelin-hyzlara kömek etmäge taýyn tejribeli zenandygy bilen aýan edýär.

Halkara IT akademiýasy (ITEA) zenanlara IT hünärini has içgin öwretmeklik babatdaky bu başlangyjy goldaýar. Hut şu nukdaýnazardan-da, ITEA Türkmenistanyň zenanlary üçin 17-nji noýabrda «JavaScript» mowzugy boýunça ussatlyk sapagyny (master klasy) geçirer. Ussatlyk sapagynda «JavaScript» mowzugy boýunça Anastasiýa Jepbarowa ders berer.

Türkmenistanyň zenanlary üçin «JavaScript» mowzugy boýunça geçirilýän ussatlyk sapagynyň başlanýan wagty: sagat 13:00-da.

Türkmenistanyň zenanlary üçin «JavaScript» mowzugy boýunça geçirilýän ussatlyk sapagyna gatnaşmaklyk üçin töleg: 50 manat.

Türkmenistanyň zenanlary üçin «JavaScript» mowzugy boýunça geçirilýän ussatlyk sapagyna gatnaşyjy hökmünde bellige alynmaklyk üçin telefon belgiler: 210499; +993 63471192; +993 63426751.

Halkara IT akademiýasynyň Türkmenistanyň zenanlary üçin «JavaScript» mowzugy boýunça geçirýän ussatlyk sapagy barada jikme-jik maglumatlary ITEA-nyň web sahypasyndan we @itea.ashgabat instagram sahypasyndan tapyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň