Daşoguz welaýatynyň Görogly etraby ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglandy

17:1311.01.2015
0
15549

Aşgabat, 11-nji ýanwar. «Türkmenportal».  

2014-nji ýylyň sosial-ykdysady we medeni görkezijileri boýunça geçirilen bäsleşikde Daşoguz welaýatynyň Görogly etraby ýeňiji boldy.

Bäsleşigiň jemleri jemlenende Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän ýörite topar "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" üstünlikli durmuşa geçirilişi, bugdaý we pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilişi, durmuş we medeni ähmiýetli desgalary ulanmaga tabşyrmak, şeýle hem ilatyň iş bilen üpjünçilik meseleleriniň çözülişi, ekologiýa howpsuzlygy, boş wagtyňy medeniýetli geçirmek hem-de ilatyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyna çekilmegi ýaly görkezijileri nazarda tutdy.

Ýeňiji bolan etrabyň häkimligi Türkmenistanyň Prezidentiniň görkezmesi boýunça ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglandy. Ýokarda görkezilen serişdeleri Türkmenistanyň  Merkezi bankyna  Türkmenistanyň Altyn asyryny ösdürmegiň döwlet gaznasynyň hasabyna bermek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň