Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysy Aziýa kubogynyň bije çekilişigine dördünji torbadan gatnaşar

13:3103.11.2021
0
8804

Türkmenistanyň futbol boýunça olimpiýa ýygyndysy Aziýa kubogy ― 2022-niň final böleginiň bije çekilişigine dördünji torbadan gatnaşar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, yklym ýaryşyna gatnaşjak 16 ýygyndy belli boldy. Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysy «F» toparçada ikinji orny eýeläp, yklym ýaryşyna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Şeýlelikde, ýakynda boljak bije çekilişigiň birinji torbasyny Özbegistanyň, Koreýa Respublikasynyň, Saud Arabystanynyň we Awstraliýanyň ýygyndylary emele getirdi.

Iordaniýa, Tailand, Birleşen Arap Emirlikleri we Eýran ikinji torbany düzýär. Üçünji torbada bolsa Yrak, Katar, Wýetnam we Ýaponiýa bar. Dördünji torba biziň ildeşlerimizden başga-da, Täjigistan, Malaýziýa we Kuweýt wekilçilik edýär.

23 ýaşa çenli ýygyndylaryň arasyndaky Aziýa kubogy 2022-nji ýylyň 1-9-njy iýuny aralygynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň