Soňky habarlar

Arhiw

10-njy ýanwaryň birža täzelikleri

23:5710.01.2015
0
3192

Aşgabat, 10-njy ýanwar. «Türkmenportal».  

Şu hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy – diýip, «Türkmenistan: hepdäniň wakalary» habarlar hepdeligi habar berýär.

Daşary ýurt puluna germaniýaly, BAE-li, owganystanly we yrakly telekeçiler Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzin, ýagtyldyjy kerosin, mazut satyn aldylar.

Şeýle-de russiýaly telekeçiler karbamid we önüm öndüriji enjamlary, owganystanlylar demirbeton sütünlerini, Şweýsariýanyň, BAE-niň, Singapuryň, Gyrgyzystanyň işewür toparlary bolsa pagta süýüminiň söwdasyny etdiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 43 million 760 müň dollaryna deň boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň