Soňky habarlar

Arhiw

Oksford uniwersiteti 2021-nji ýylyň sözüni saýlady

16:5802.11.2021
0
4146

Oksford uniwersiteti iňlis diliniň sözlügi üçin 2021-nji ýylyň iň ýörgünli sözüni saýlady, ol vax sözi bolup, at, işlik hökmünde-de ulanylyp bilner, ýagny “waksina”, “waksinasiýa” we “sanjym etmek”. Bu barada Oxford Languages saýtynda habar berilýär.

Uniwersitetiň maglumatyna görä, vax sözi bu ýyl geçen ýyldakyndan 72 esse köp ulanyldy.

“1799-njy ýylda vax sözi iňlis dilinde hasaba alyndy, ondan emele gelen vaccinate we vaccination — sözleri 1800-nji ýylda ýüze çykdy. Bu sözler “sygyr” diýmegi aňladýan vacca sözündendir, bu söz mama keseline garşy sanjymy oýlap tapan iňlis lukmany Edward Jenneriň hyzmaty bilen döräpdir” diýlip, habarda bellenýär.

Ýeri gelende aýtsak, Merriam-Webster diýen amerikan sözlügini düzüjiler "pandemic" ("pandemiýa") sözüni 2020-nji ýylyň sözi diýip ykrar edipdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň