Dünýä ýüzünde 7,04 milliard sany COVID-19 sanjymy edildi

18:3301.11.2021
0
3261

Koronawirusa garşy sanjymlaryň edilip başlaly bäri, 184 ýurtda 7 milliarddan gowrak sanjym hasaba alyndy. Bu sanjym mukdary dünýä ilatynyň 45,7% -ini öz içine alýar.

Bu maglumatlar bilen baglylykda, Известия habarlar gullugy Bloomberg gullugyna salgylanmak bilen, her günde ortaça 32,1 million adama sanjym edilýändigini belleýär. Hytaýda (2,25 milliard sany, ilatyň 76,3%-ine doly sanjym edildi), Hindistanda (1 milliard sany sanjym, ilatyň 23,6% -ine doly sanjym edildi), ABŞ-da (419 million sany sanjym, adamlaryň 57,8%-ine doly sanjym edildi) we Braziliýa (272,7 million sany sanjym ýaşaýjylaryň 56,3%-ine doly sanjym edildi). Sanjymy iň köp alan Maldiwler bolup, ýurduň ilatynyň 95,4%-ine sanjym edildi.

Seljerme beriji bilermenleriň pikiriçe, şeýle derejede sanjym edilse, dünýädäki adamlaryň 75%-i takmynan bäş aýyň içinde sanjym alyp biler. Sanjym almakda öňdebaryjylygy girdejisi ýokary bolan döwletler eýeleýär. Olar pes girdejili ýurtlara garanyňda sanjym etme işini 20 esse tiz geçirýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň