Soňky habarlar

Arhiw

Taýland COVID-19 sanjymyny alan syýahatçylar üçin açylýar

18:3101.11.2021
0
3122

Taýland Patyşalygy şu günki günden başlap, COVID-19 sanjymyny alan syýahatçylar üçin ýollaryny açýar. Munuň netijesinde ýurda 60-dan gowrak ýurduň jahankeşdeleri syýahat edip bilerler. Ýollaryň ýapylmagyndan bir ýarym ýyl soň, ýagny häzirki wagtda bu ýere 60-dan gowrak ýurtdan sanjym alan syýahatçylar karantin geçmezden syýahat edip biler. Interfax.ru-nyň Aziýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine salgylanyp bellemegine görä, diňe duşenbe güni ýurda müňlerçe syýahatçy geler.

Geljek ýylda bu ýurda, takmynan 15 million syýahatçynyň geljekdigi we syýahatçylyk pudagynyň 30 milliard dollardan gowrak girdeji getirjekdigi çak edilýär. Koronawirus pandemiýasynyň başlamazyndan öň, Taýlanda her ýylda 40 milliona golaý syýahatçy gelýärdi, ýöne 2020-nji ýylda bu görkeziji 80% azaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň