Soňky habarlar

Arhiw

Howa maglumaty: 2021-nji ýylyň 1-nji noýabry

08:0001.11.2021
0
4900

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 1-nji noýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +16... +18° maýyl bolar. Howanyň basyşy 739 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +7... +12°, gündizine +18... +23°, kenarýaka etraplarynda +13... +18° maýyl bolar.

Türkmenbaşy şäherinde: howa +16... +18°, basyşy 761 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Awazada: howa +15... +17°, basyşy 768 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Balkanabat şäherinde: howa +20... +22°, basyşy 770 mm, çyglylygy 40 — 60%.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +8°, gündizine +15... +20° maýyl bolar.

Änew şäherinde: howa +17... +19°, basyşy 745 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Tejen şäherinde: howa +18... +20°, basyşy 755 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Mary welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 6 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +1... +6°, gündizine +16... +21° maýyl bolar.

Mary şäherinde: howa +17... +19°, basyşy 752 mm, çyglylygy 40 — 60%.

Baýramaly şäherinde: howa +18... +20°, basyşy 751 mm, çyglylygy 35 — 55%.

Lebap welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1° sowukdan +4° çenli, gündizine +15... +20° maýyl bolar.

Türkmenabat şäherinde: howa +16... +18°, basyşy 754 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Kerki şäherinde: howa +18... +20°, basyşy 750 mm, çyglylygy 40 — 60%.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1° sowukdan +4° çenli, gündizine +11... +16° maýyl bolar.

Daşoguz şäherinde: howa +14... +16°, basyşy 765 mm, çyglylygy 40 — 60%.

Köneürgenç şäherinde: howa +13... +15°, basyşy 767 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň